Nebithimiýa zyňyndylary howanyň howply ozon tüssesi bilen 90% hapalanmagynyň sebäbi bolup çykdy

  • 13.01.2025 12:04
  • 4.5k+

Hytaýyň Gonkong politehniki uniwersitetiniň alymlary howanyň ozon (O3) tüssesi bilen güýçli hapalanmagynyň garaşylmadyk sebäbini ýüze çykardylar. Muňa nebit-himiýa kärhanalarynyň gyş paslyndaky zyňyndylary sebäp bolupdyr. Barlagyň netijeleri Environmental Science & Ecotechnology ylmy žurnalynda çap edildi.

Atmosferanyň ýere golaý gatlagyndaky ozon, Gün şöhlesiniň göni täsiri bilen, fotohimiki tüsse diýlip atlandyrylýan gurluşyň düzüminde emele gelýär. Bu gaz güýçli oksidant (beýleki maddalaryň çalt oksidlenmegine sebäp bolýan madda) bolup, adam bedenine, esasan hem öýkene uly zyýan ýetirýär. Adatça, ozonly tüsse ýylyň yssy wagtlary, açyk howada emele gelýär.
Alymlar topary täze geçirilen barlaglarda, O3 gazynyň esasan nebit-himiýa senagatynyň zyňyndylary bilen emele gelýändigini ýüze çykardylar. Ýönekeýleşdirip aýtsak, alkenleriň (wodorod we uglerod atomlaryndan ybarat bolan organiki birleşmeleriň) dargamagy bilen bu gaz gaty ýokary konsentrasiýada döreýär. Üstesine, bu prosese sowuk temperatura ýa-da bulutly howa päsgel berip bilmeýär.
Alkenler OH, HO2 we RO2 erkin radikallaryny çalt döredýärler. Bu radikallar ozonyň emele gelşini tizleşdirýärler. Barlagda esasy ähmiýetli alkenler hökmünde trans/sis -2-buten we propen görkezildi. Bu birleşmeler ozonly tüssäniň 90%-niň emele gelmegine sebäp bolýar. Alymlaryň bellemegine görä, bu açyş senagatyň ýygjam sebitlerinde howanyň hilini ýokarlandyrylmagyna kömek edip biler.


11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6.1k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2.1k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......