«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2024-nji ýyldaky jemleýji sany çykdy

  • 12.01.2025 12:04
  • 1.9k+

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalyň 2024-nji ýyldaky soňky sany okyjylara ýetirildi. Täsirli çykyşlar täze sany şanly ýylyň mynasyp jemlemesine öwürdi.

Iki ýylda 24 gezek okyjylar köpçüligine ýetirilen neşiriň täze sany «Hakyda göwheri» ― Arkadagly ýaşlaryň watançylyk mekdebi» atly makala bilen açylýar. Makala Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabyna bagyşlanýar.
«Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň belent sepgitleri» atly makalada hemişelik Bitaraplygymyzyň gadyr-gymmaty dogrusynda söz açylýar. Şeýle hem şol sahypalardan bu neşir tarapyndan yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri barada habar berilýär.
Täze ýylyň öňüsyrasynda ildeşlerimiziň köp sanlysy «Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi, welaýat we etrap Geňeşleriniň işgärleri hem bar. Neşirde ýubileý medala mynasyp bolan ildeşlerimiziň ikisiniň ýürek sözleri okyjylar bilen paýlaşylýar.
«Hoş owazly zehinleriň bäsleşigi» atly makala «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemlerine bagyşlanypdyr. Neşir häzirki günlerde bütin dünýäni gurşap alan şadyýan baýrama «Berkarar Diýara Täze ýyl gelýär» atly täsirli makala bilen seslenipdir.
«Parlamentara dialog ― netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm ugry» atly makalada milli parlamentimiziň wekili güýz bilen gyşyň sepgidinde paýtagtymyzda geçirilen «ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog ― abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly maslahatyň netijelerine syn berýär. Indiki sahypalardaky «Türkmen Bitaraplygy: beýik başlangyçlaryň we ählumumy ösüşiň binýady» atly makalada ýurdumyzyň halkara giňişligindäki belent abraýyndan söz açylýan bolsa, «Döwlet gullugynyň edebi» atly makala gozgalýan mesele bilen bagly täsirli maglumatlara baýlygy bilen özüne çekýär.
Ýylyň bütin dowamyndaky däbi ýöredip, neşir täze sanynda hem Magtymguly Pyraga we akyldaryň beýik döredijiligine bagyşlanan çykyşlary okyjylary bilen paýlaşmagy dowam etdirdi. «Adamzat paýhasynyň genji-hazynasy» atly makala munuň aýdyň mysalydyr. «Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda Horezmşalar döwleti» atly okyjylary baý mazmunly dürdäne eseriň çuňluklaryna sary alyp gidýär. Neşiriň täze sanynda iňlis we rus dillerinde ýetirilýän ilkinji makalalarda hem täze kitap taryp edilýär.
Neşirden okyjylar ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 7 ― 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen «Ýaş robototehnikaçy» bäsleşiginiň ýeňijileri baradaky makalany hem okap bilerler. Şeýle hem «Ýaşlar ylym dünýäsinde» atly tapgyr ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen ylmy işleriň bäsleşiginde ýeňiji bolan zehinli ýaş alymlarynyň ýene ikisiniň alyp baran ylmy-gözleg işleriniň netijeleri baradaky makala bilen dowam edýär.
«Energetika ulgamy ösüş ýolunda», «Ýaşyl» ykdysadyýet ― döwrüň talaby» atly makalalar hem diýseň täsirli bolupdyr. «Ýaýlymdaky gyş ertekilerinden» (rus dilinde) bolsa gyş we Täze ýyl mowzuklaryna bagyşlanan meşhur filmlerdir multfilmler barada maglumat alarsyňyz.
Indiki sahypalarda paýlaşylýan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserde seljukly weziri Nyzamylmülk barada», «Häsiýet», «Özüni tanan weli» atly makalalardyr çykyşlar taryhy maglumatlara baýlygy we wajyp meseleleri gozgaýanlygy bilen ähmiýetlidir. Iňlis dilindäki makaladan bolsa tennis sporty baradaky maglumatlary okap bilersiňiz.
Şu gezek okyjylara ýoganyň saglyga peýdasy, Täze ýyl baýramy, ýylan ýyly baradaky gyzykly makalalar, täze goşgularyň birnäçesi hem garaşýar. Täze ýylyň dürli döwletlerde garşylanyş aýratynlyklary baradaky makala hem maglumat goruňyzy baýlaşdyryp biler. Neşir olara bagtly bolmagyň syryny açyp, Täze ýyl işdäaçaryny taýýarlamagy hem öwreder. Däp bolşy ýaly, «Ýaş waspçy» bäsleşiginiň ýeňijisi barada hem maglumat berilýär.
Hemişe bolşy ýaly, neşirde täsirli makalalar we beýleki çykyşlar dizaýnerçilik sungatynyň kämil eserleri bilen bezelipdir. Bu bolsa okyjyny neşire has ysnyşdyrýar.


düýn 16:50
1.7k+

Türkmen öndürijileri Kazan Halal Market halkara ýarmarkasyna gatnaşar

2026-njy ýylyň 12–17-nji maýy aralygynda Kazan şäherinde geçiriljek Kazan Halal Market halkara söwda ýarmarkasynda Türkmenistanyň önümleri görkeziler. Bu çäre «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» XVII halkara......

düýn 07:24
10k+

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze döwrebap şäherçe gurlar

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze döwrebap şäherçäni gurmak barada Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi....

07.04.2026 23:10
7.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi diýip,......

07.04.2026 15:59
1.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy Koreýa Respublikasynyň täze ilçisiniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 6-njy aprelde Koreýa Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Won-Jeden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi diýip,......