Türkmenistanyň Mejlisi kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça işler barada habar berdi

  • 11.01.2025 20:13
  • 8k+

10-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işi barada maglumat berdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan gelip çykýan esasy düzgünleri göz öňünde tutup, raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny hem-de «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, kazyýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek, administratiw önümçiliginiň kadalary bilen baglanyşykly meseleleri düzgünleşdirmek boýunça birnäçe kodekslere we beýleki kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeleridir goşmaçalary girizmek meýilleşdirilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow döwrebap kanunlary işläp taýýarlamak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.


27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......