Urugwaýda köp süýrenijileriň we süýdemdirijileriň nesilbaşysy bolan mezozawrlaryň iň äpedi tapyldy

  • 11.01.2025 11:50
  • 8.4k+

Alymlar iň uly mezozawryň galyndylaryny tapdylar, onuň göwresi bu gadymy görnüşiň ozal belli bolan wekillerinden üç esse uludyr. Ýyrtyjynyň äpet nusgasy Urugwaýyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Mangrullo formasiýasynyň Lagerştettinde tapyldy.

Urugwaýly we fransiýaly paleontologlar bu açyşy Fossil Studies žurnalynda beýan etdiler.
Mezozawrlar paleozoý eýýamynyň ahyrynda Gondwana günorta yklymynyň kenarlarynda ýaşap, ýerde-suwda ýaşan gadymy süýrenijilerdir. Ozallar olar uzynlygy 0,7 metr töweregi bolan ownuk haýwanlar hasaplanýardy. Şeýle-de bolsa, tapylan galyndylar, olaryň käbirleriniň uzynlygynyň iki metre ýetendigini görkezýär.
Kelläniň, oňurganyň we beýleki süňkleriň saklanyp galan  bölekleri täze nusganyň ölçegine baha bermäge mümkinçilik berdi.
Alymlar äpet ululygyň jandaryň ýaşy bilen, şeýle hem kenarýaka durmuşyna uýgunlaşan bolmagynyň mümkindigi bilen baglanyşyklydygyny çaklaýarlar. Tapyndy mezozawrlaryň ontogenezine has gowy düşünmäge mümkinçilik berýär we häzirki süýrenijileriň, guşlaryň we süýdemdirijileriň ata-babalary bolan irki amniotlarda ulalmak tendensiýasyny tassyklaýar.


düýn 16:45
3.1k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

düýn 16:26
3.8k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.7k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

07.06.2026 17:07
983

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......