«Balkan» gämi abatlaýyş kärhanasynda ilkinji gury ýük gämisiniň dalagy goýuldy

  • 11.01.2025 12:43
  • 9.2k+

6-njy ýanwarda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» AGPJ-de ilkinji gury ýük gämisiniň düýbüni tutmak dabarasy bolup geçdi. Bu çärä zawodyň hünärmenleri we Günorta Koreýanyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýanyň direktory Çhwe Ýoň Ukuň ýolbaşçylygynda wekiller gatnaşdy diýip, "Türkmnistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Gäminiň dalagyny goýmak geljekki gurluşyň berkligini, ygtybarlylygyny we çydamlylygyny alamatlandyrýar.
Ýük göterijiligi 6100 tonna bolan iki sany gäminiň gurluşygyny öz içine alýan bu taslama 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistan bilen Günorta Koreýanyň kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnama esasynda başlandy. Gurulýan gämileriň ilkinji bölekleri 2024-nji ýylyň 11-nji noýabrynda gurluşyk meýdançasyna getirildi.
Ilkinji gury ýük gämisiniň gurluşygyna başlanmagy ýurduň gämi gurluşyk pudagyny häzirki zaman ülňülerine laýyklykda ösdürmek, täze iş ýerlerini döretmek we eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmak islegini nygtaýar.


şu gün 07:51
1.3k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.7k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
989

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......