Türkmenistanda 2025-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi

  • 09.01.2025 16:17
  • 7.4k+

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmegine bagyşlanan «Türkmen zenanlarynyň halkara hyzmatdaşlygyndaky we milli gymmatlyklary dünýä ýaýratmakdaky orny» atly dabaraly maslahat geçirildi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Çäre Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli toparynyň Sekretariaty, Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan bilelikde guraldy.
Çärä onlaýn görnüşinde ÝUNESKO-nyň kafedralaryndan we klublaryndan, ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdeplerine degişli bolan mekdeplerden wekiller, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.
Çykyş edenler «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» ähmiýetini we wezipelerini giňden beýan etdiler, türkmen halkynyň Milli Lideriniň işlerinde beýan edilen türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


şu gün 07:51
1k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.6k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
963

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......