Türkmenistanyň ilçisi Eýranyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

  • 09.01.2025 12:32
  • 8.5k+

7-nji ýanwarda Türkmenistanyň Eýrandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ylýas Gaýypow Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkiana ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär. 

Gowşurylyş dabarasynyň barşynda Prezident Masud Pezeşkian Prezident Serdar Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Döwletara gatnaşyklaryny ösdürmekde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň özara saparlarynyň ähmiýeti nygtaldy.
Taraplar türkmen-eýran gatnaşyklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny bellediler.


düýn 17:31
1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....