Ýaponiýada ägirt tunes ýylyň ilkinji söwdasynda 1,3 mln dollara satyldy

  • 08.01.2025 14:17
  • 13k+

Tokioda şu ýylyň ilkinji balyk söwdasynda agramy 276 kg bolan gök tunes balygy 207 mln ýena (häzirki hümmet boýunça 1,3 mln dollar) satyldy. Her ýyl geçirilýän bu auksiona gatnaşmak restoran işinde abraýly hasaplanýar we gymmat bahaly balygy dadyp görmäge taýýar köp müşderini özüne çekýär diýip, Kyodo agentligi belleýär.

Guramaçylar şu ýyl tunesiň auksionyň taryhynda ikinji uly netijäni görkezendigini belleýär. Absolýut rekord 2019-njy ýylda, tunes üçin 3,1 mln dollar tölenende goýlupdy.
Balyk 4-nji ýanwarda Aomori prefekturasynyň kenarynda tutuldy. Ony Yamayuki lomaý satyjysy we Sushi Ginza Onodera restoranlar ulgamy satyn aldy. Soňra restoranlarda tunesiň eti bir paý üçin 1160 ýena (7,37 dollar) baha bilen satyldy.
Yamayuki-niň prezidenti Ýukitaki Ýamaguçi iň ýokary bahadan söwda edendigine buýsanýandygyny aýtdy.
Auksion köp ýyllap Sukidzi bazarynda geçirildi, ol ýer ýok edilenden soň, indi söwdalar Toýosu bazarynda geçirilýär.


22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

18.06.2026 22:13
5.5k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

04.06.2026 11:45
2.4k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....