Benzinli hereketlendirijili ulanylan awtoulaglaryň iň meseleli modelleri mälim edildi

  • 07.01.2025 21:54
  • 7.8k+

BMW 4-Series (kupesi we kabrioleti) ikinji el ulag bazarynda benzinli hereketlendirijili awtoulaglaryň arasynda iň meseleli modelleriň sanawynda birinji orny eýeledi. Bu gözlegi Britaniýanyň Whatcar neşiri we Ýewropanyň MotorEasy ätiýaçlandyryş kompaniýasy bilelikde geçirdi.

Bilermenler soňky iki ýylyň dowamynda awtoulaglary baradaky tejribelerini paýlaşan 30 müňden gowrak awtoulag eýeleri bilen sorag-jogap alyşdylar.
Netijede, 2013-2020-nji ýyllar aralygynda öndürilen BMW 4-nji seriýa modellerinde kemçilikleriň has ýygy ýüze çykandygy kesgitlenildi. Bu modelleri ulanan her dört adamdan biri akkumulýator, hereketlendiriji, elektrik ulgamy, tormoz, ýangyç ulgamy hem-de howa sazlaýjy (kondisioner) bilen baglanyşykly näsazlyklar bilen ýüzbe-ýüz bolupdyr.
Näsazlyklaryň üçden bir bölegi kepillik şertlerinde düzedilen hem bolsa, köp sürüjiler üçin abatlaýyş çykdajylary 1000 funt sterlinge (takmynan 1250 ABŞ dollaryna) ýetipdir. Mundan başga-da, sürüjiler abatlaýyş işleriniň uzak dowam edendiginden nägile bolupdyrlar — sebäbi, awtoulaglaryň ýarysyndan gowragy hyzmat merkezlerinde bir hepdeden gowrak saklanypdyr.
BMW modelinden başga-da, iň ygtybarsyz benzinli hereketlendirijili awtoulaglaryň ilkinji üçlügine MG ZS krossoweri (2017-nji ýyldan bäri öndürilýär) we ykjam Fiat 500 (2008-nji ýyldan bäri öndürilýär) girýär. Bu modelleriň hem eýelerine dürli oňaýsyzlyklar döredýändigi barada habar berilýär.


düýn 09:56
2.4k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

18.06.2026 10:58
4k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......