Türkmenistanda ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň iş meýilnamalary makullanyldy

  • 04.01.2025 22:28
  • 7.7k+

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynyň 2025-nji ýyl üçin taýýarlanan iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.

Bu meýilnamalarda ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmäge, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen özgertmeleri dowam etdirmek, “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bejeriş-öňüni alyş edaralarynda keselleriň öňüni almagyň, bejermegiň öňdebaryjy usullarynydyr sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, bedenterbiýäni, sporty we olimpiýa hereketini ösdürmek, ýurdumyzda düýpli we amaly ylymlary, innowasion senagaty ösdürmek, zehinli ýaşlary ýokary tehnologiýalar hem-de ylym ulgamlaryna çekmek bilen, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, netijeli önümçilik we ylmy işleri alyp barýan hünärmenleriň, alymlaryň neslini kemala getirmek, ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini, halkara abraýyny, ösüşlerini, milli medeni mirasymyzy wagyz etmek boýunça wezipeler we beýleki çäreler göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutany ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň iş meýilnamalaryny makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 20:46
1k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
2.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......