Türkmenistanyň raýatlary Russiýada mugt okamak üçin arzalary berip bilerler

  • 04.01.2025 12:58
  • 17k+

Türkmenistanyň raýatlary bakalawr, hünärmen, magistr, aspirantura, ordinatura, goşmaça hünär bilimi we assistentura-stažirowka maksatnamalary boýunça Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde tölegsiz bilim alyp bilerler. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň saýtynda habar berilýär.

Seçip alşa gatnaşmak üçin education-in-russia.com saýtynda bellige alynmaly we 2025-nji ýylyň 15-nji ýanwaryna çenli (15-i girýär) arza bermeli.
Sowalnama doldurylanda soralýan resminamalaryň ählisini berkitmek we "Arzany ugratmak" düwmesine basmak möhümdir. Munuň özi "Garalama" statusynyň "Barlag" derejesine üýtgemegi üçin gerek. Eger şeýle edilmese arza hakyky däl diýlip hasaplanar we dalaşgär 2025/2026 okuw ýyly üçin maksatnama gatnaşyp bilmez.
Birinji tapgyrda Türkmenistanyň raýatlaryna şu resminamalary taýýarlamak zerur:

  • sowalnamanyň skan edilen görnüşi we şahsy maglumatlary ulanmaga razylyk (awtomatik ýagdaýda formirlenýär);
  • Türkmenistanyň daşary ýurt üçin pasportynyň skan edilen görnüşi;
  • Bilim hakynda resminamanyň skan edilen görnüşi (bahalaryň tabeli/orta mekdebi tamamlandygy hakynda şahadatnama; dekanlykdan bahalaryň tassyknamasy/ ýokary bilim hakynda diplom).

Iki ýurduň raýaty bolup durýanlar üçin rus daşary ýurt pasportynyň we Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň skan edilen görnüşini goşmak zerur.


düýn 18:12
5.1k+

Türkmenistanda 31 alyma ylymlaryň doktory we kandidaty derejeleri berildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 16:37
4.7k+

Döwlet Baştutany TYA-nyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça......

düýn 16:35
6k+

Türkmenistanyň Prezidentine ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk ady dakyldy

Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, syýasy ylymlaryň doktory Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa ykdysady we syýasy hünärler boýunça......

düýn 07:55
2.5k+

Oguz han adyndaky ITU daşary ýurt uniwersitetleri we kompaniýalary bilen 5 şertnama baglaşdy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 10-11-nji iýun aralygynda Ylymlar güni mynasybetli «Oguz han uniwersiteti: zehin, innowasiýa, ösüş» atly halkara ylmy-amaly maslahat......