Hytaýly alymlar Ýeriň mantiýasyna çenli burawlamak isleýär

  • 04.01.2025 11:10
  • 6.3k+

Hytaýly alymlar Ýeriň mantiýasyna ilkinji bolup ýetmegi meýilleşdirýär. Bu maksady durmuşa geçirmek üçin çuňňur suw burawlamasy üçin niýetlenen Meng Xiang gämisi guruldy. China Daily neşiriniň habar bermegine görä, gämi goşmaça ýangyç guýmazdan tas 28 müň kilometr ýol geçip bilýär.

Meng Xiang ady hytaý dilinden terjime edilende “arzuw” diýmegi aňladýar. “Men Sýan” Şanhaýdaky Hytaýyň deňiz taslamalary we gözleg institutynyň inženerleri tarapyndan taslanyldy we Huangpu Wenchong Shipbuilding Co. kompaniýasy tarapyndan guruldy.
Uzynlygy 179,8 metr we ini 32,8 metr bolan gäminiň gysyp çykarýan suwy 42,6 müň tonna barabar. Ol 120 gün awtonom iş üçin niýetlenip, Bofort şkalasy boýunça 16 bala çenli tupana çydamlydyr.
Meng Xiang gämisiniň bortunda geologiýany, geohimiýany, paleomagnetizmi we beýleki ugurlary öwrenýän dokuz sany ylmy barlaghana ýerleşýär. Gämi 11 müň metre çenli çuňlukda burawlamaga ukyply bolup, ýer gabygyny we Ýeriň massasynyň 67%-ine we onuň göwrüminiň (atmosferany hasaba almazdan), takmynan, 83%-ine barabar bolan ýokarky mantiýany öwrener.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....