Türkmenistanda oba hojalyk pudagy boýunça 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalary makullanyldy

  • 04.01.2025 09:39
  • 6.7k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk pudagy boýunça 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullady.

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer T.Atahallyýew oba hojalyk pudagy boýunça 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.
Meýilnamalarda topluma degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly işler, şol sanda oba hojalygyny we weterinariýa işini ösdürmek, ýer serişdelerinden rejeli peýdalanmak, oba hojalyk ekinleriniň täze görnüşlerini döretmek hem-de olary önümçilige ornaşdyrmak, daşky gurşawy gorap saklamak, ekologik abadançylygy üpjün etmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, suw hojalygyny ösdürmek, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak hem-de pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly işler göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem meýilnamalarda:

  • pagta we ýüpek senagatyny ösdürmek, olary gaýtadan işlemekden alynýan önümler bilen senagat kärhanalarymyzy üpjün etmek;
  • galla senagatyny ösdürmek, ilaty galla önümleri bilen bolelin üpjün etmek, oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak;
  • azyk senagatyny ösdürmek hem-de azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek;
  • maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, mallaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak, atçylygy ösdürmek, behişdi ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak hem-de olaryň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak;
  • topluma degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, olaryň işiniň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça wezipeleri durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

şu gün 07:51
297

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.2k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
867

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......