2025-nji ýylda Türkmenistanda nebitgaz toplumynda ýerine ýetirilmeli esasy wezipeler kesgitlenildi

  • 04.01.2025 09:31
  • 5.8k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullady.

3-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow nebitgaz toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.
Taýýarlanylan iş meýilnamalaryna laýyklykda,

  • “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan nebitgaz känlerini özleşdirmek, tebigy we ugurdaş gazy, nebiti we gaz kondensatyny çykarmak, suwuklandyrylan gazy öndürmek, türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna eksport etmek, nebiti çuňňur gaýtadan işlemek, nebit önümlerini içerki sarp edijilere we daşarky bazarlara ibermek wezipeleri göz öňünde tutuldy.
  • “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan nebite we gaza baý bolan gurluşlary ýüze çykarmak, gaty magdanlary we ýerasty suwlary gözlemek hem-de olaryň gorlaryny artdyrmak, ylmyň soňky gazananlaryny we innowasion tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak bilen baglanyşykly işleri alyp barmak meýilleşdirilýär.
  • “Galkynyş” gaz känini tapgyrlaýyn esasda özleşdirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygy şu ýyl durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulan iň möhüm wezipeleriň hatarynda bellenildi.

20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......