Türkmenistanyň Prezidenti maliýe we bank toplumynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullady

  • 04.01.2025 09:23
  • 5.7k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullady.

3-nji ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, meýilnamalarda makroykdysady durnuklylygy üpjün etmek, sanly ykdysadyýeti ilerletmek, häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyny dowam etdirmek, durmuş-ykdysady ösüşi, pudaklaryň maliýe-ykdysady ýagdaýy, Döwlet býujetiniň üstünlikli ýerine ýetirilmegini gazanmak, maýa goýum syýasatyny kämilleşdirmek, döwlet emlägini we maliýe serişdelerini netijeli dolandyrmak boýunça işleri guramak, ulgama öňdebaryjy halkara tejribeleri ornaşdyrmak hem-de kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, bank we ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny, standartlaşdyryş ulgamyny ösdürmek, milli statistika edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça we beýleki çäreler göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem wise-premýer topluma degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň sanly ulgama geçmek boýunça şu ýylda ýerine ýetirmeli işleriniň meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


şu gün 15:48
3.3k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

düýn 19:38
5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.8k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
4.2k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......