Hazaryň düýbünden XVIII asyrda gark bolan gämini çykardylar

  • 03.01.2025 11:13
  • 24k+

Arheologlar Eýranyň Mazenderan welaýatynda Hazar deňziniň günorta kenarynda XVIII asyryň ahyryna - XIX asyryň başyna degişli bolan agaç gämini tapdylar. Gämi çäge aňňadynyň aşagyna gömlüp galypdyr, deňiz derejesiniň ýokary galmagy bilen üsti bölekleýin açylypdyr diýip, Phys.org ýazýar.

Barlaglar gäminiň Russiýa imperiýasy bilen bagly söwda flotuna degişlidigini görkezdi. Agaç we botanika galyndylarynyň radiouglerod seljermesi gäminiň gurlan senesiniň 1762–1808-nji ýyllara degişlidigini görkezdi. Tapyndylaryň arasynda sosna we arça agajy, greçihanyň tohumy, şeýle hem oba hojalygynyň haşal otlary bar.
Çen bilen üç bogaldakly gämi ýük daşamak üçin ulanylypdyr, ýüküň agramly bölegi  şol döwrüň möhüm iýmiti we söwda önümi bolan greçiha bolupdyr. Arheobotaniki derňew materiallaryň gelip çykyşynyň Wolga we Kawkaz sebitlerine degişlidigini  tassyklady.
Iki möwsümde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan tapynda gäminiň gabarasynyň, bogaldaklarynyň we ýüküň elementleri girýär. Ol gämi gurluşygy we bu töwerekdäki bäş ýurduň ykdysadyýetinde uzak wagtlap möhüm rol oýnap gelen Hazar sebitindäki söwda barada gymmatly maglumatlary berýär.


düýn 12:00
3.5k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 19:49
5k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......