Ilon Mask: Ýer ýene 500 million ýyldan soň ýaşaýyş üçin ýaramsyz bolar

  • 31.12.2024 18:14
  • 20k+

SpaceX-iň we Tesla-nyň ýolbaşçysy Ilon Mask Ýeriň geljegi we kosmos taslamalary baradaky pikirini ýene bir gezek paýlaşdy.

Ol öz çaklamasyny X sosial ulgamyndaky teswirinde paýlaşdy. Ulanyjylaryň biri ýene 5 milliard ýyldan Günüň partlajakdygyny, şonuň üçin diňe Marsy özleşdirilmegiň adamzady halas edip biljekdigini ýazdy.

"Günüň giňelmegi bu döwrüň 10%-ine barabar wagtda Ýeri ýaşamak üçin ýaramsyz hala getirer" – diýip, milliarder oňa jogap berdi. Ýagny, Mask ýene 500 million ýyldan planetamyzdaky ýaşaýyş şertleriniň gaty ýowuzlaşjakdygyna ynanýar.

Milliarder Gyzyl planetanyň özleşdirilmeginiň zerurdygyny ýene bir gezek nygtady.

“Marsy, geçen asyrlarda Amerikany atlandyryşlary ýaly, “Täze dünýä” diýip atlandyrarlar. Gör, nähili ylham beriji başdan geçirme!” - diýip ol ýazdy.


19.05.2026 16:54
9.5k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 11:27
7.7k+

ABŞ-nyň iň demirgazyk şäherinde 84 günläp gündizlik höküm sürer

Alyaskanyň Utkiagwik şäherinde «ýarym gije Gün» döwri başlandy. Indiki 84 günüň dowamynda Gün ol ýerde gije-gündizläp gözýetimiň ýokarsynda galar....

15.05.2026 10:31
2.4k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli älem giňişligine ilkinji kosmonawtyny ibermegi meýilleşdirýär

Özbegistan 2028-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ilkinji özbek kosmonawtyny älem giňişligine ibermegi maksat edinýär. Bu barada Özbekkosmos agentliginiň direktorynyň orunbasary Muhiddin Ibragimow habar berdi.......

22.04.2026 14:35
8.2k+

Arkadag şäherinde Gün elektrik bekedi we Arkadag merkezi gurlar

Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik we......