Türkmenistan we BMGÖM inçekesel boýunça täze taslama gol çekdi

  • 31.12.2024 09:36
  • 2.7k+

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy inçekesel boýunça «Türkmenistanyň inçekesele garşy göreş Milli maksatnamasynyň Bütindünýä gaznanyň maliýeleşdirmeginden çekilmegi» baradaky täze taslama gol çekdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Taslama 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwary bilen 2027-nji ýylyň 31-nji dekabry aralygynda durmuşa geçiriler. SPID, inçekesel we gyzzyrma garşy göreş üçin Bütindünýä gazna tarapyndan maliýeleşdirilýän bu başlangyç 2027-nji ýyla çenli içerki serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirilmä doly geçmek bilen, Milli inçekesel maksatnamasynyň durnuklylygyny we ýeterliligini üpjün etmekde möhüm ädimdir.
Jemgyýetiň saglygyny ýokarlandyrmak ugrundaky syýasy ygrarlylygy we inçekeseliň öňüni almak hem bejerişiň berk dolandyryş gurluşy netijesinde, Türkmenistan bu kesele garşy göreşde uly üstünlik gazandy. 2010-njy ýyldan bäri Bütindünýä gazna ylmy we tehnologik ösüşe 37 million ABŞ-nyň dollaryndan gowrak maýa goýdy. 2016-njy ýyldan bäri bolsa Türkmenistanyň Hökümeti inçekesele garşy göreş boýunça Bütindünýä gaznanyň esasy işini maliýeleşdirmegi kem-kemden öz üstüne aldy.
Täze taslama «GeneXpert» ýaly anyklaýyş enjamlaryna we alys sebitlerdäki göçme desgalara elýeterliligi aňsatlaşdyrmaga, sanly çözgütleri synagdan geçirmäge, esasy dermanlaryň elýeterliligini üpjün etmäge, şeýle hem göni gözegçilik astynda terapiýa arkaly hassalara goldaw hyzmatlaryny hödürlemäge gönükdirilendir.
Taslamanyň esasy düzüm bölekleri bejeriş derejesiniň görkezijilerini we bejerginiň ykdysady taýdan netijeliligini ýokarlandyrmak üçin inçekeseli bejermegiň has gysga we has täsirli bejeriş düzgünlerini ösdürmegi öz içine alýar.
Bu grant BSGG we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan bilelikde durmuşa geçiriler. 


şu gün 12:08
3.3k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.6k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......