Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň saýty türkmen dilinde hem elýeterli boldy

  • 31.12.2024 09:32
  • 6.7k+

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy resmi saýtynyň täzelenen görnüşini hödürledi. Saýt indi türkmen dilinde hem elýeterli boldy.

Saýtyň täze wersiýasy Türkmenistanyň raýatlary bilen aragatnaşygy yzygiderli berkidip durmaklyga gönükdirilen web-platformany yzygiderli täzeläp durmagyň çäklerinde işläp başlady. Indi ulanyjylar ilçihananyň işi, konsullyk gulluklary we Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar barada maglumatlary rus dilinde bolşy ýaly, türkmen dilinde hem alyp bilerler.
Ilçihananyň metbugat gullugynyň bellemegine görä, türkmen dilinde hem işläp başlamagy saýtyň işini kämilleşdirmegiň başlangyç tapgyrydyr. Geljekde saýty has hem maglumatlara baý we ulanmak üçin oňaýly etmek maksady bilen, yzygiderli täzelenmeleri işe girizmek meýilleşdirilýär.


25.06.2026 17:08
10k+

160 kg altyn teňňe ýitdi: Sankt-Peterburgda «asyryň ogurlygy» derňelýär

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde bankyň saklawhanasyndan altyn maýa goýum teňňeleriniň ogurlandy. Häzir bu jenaýat boýunça uly iş gozgalyp, derňew işleri alnyp barylýar. Derňewiň maglumatlaryna görä, ýiten......

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......