Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

  • 30.12.2024 08:25
  • 8.9k+

28-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde bolup, bu ýerde alnyp barylýan işler, taýýarlanylan taslamalar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň “Akhan” we “Taýçanak” şaýollarynyň aralygynda durky täzelenýän köçäniň germewlerini, olaryň şekillerini synlap, öz belliklerini aýtdy. Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň çäklerinde ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň görnüşleri bilen tanşyp, olaryň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.
Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilen desgalaryň taslamalary, önümçilik-durmuş maksatly binalaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň halkara derejede hasaba alnandygyny, Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň ýörite güwänamasy arkaly klasteriň önümleriniň harytlyk nyşanlarynyň tassyklanandygyny aňladýan köp sanly halkara şahadatnamalardyr güwänamalar görkezildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň mynasyp bolan halkara güwänamalarynyň Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümlerine berlen ýokary bahadygyny belläp, bu önümleriň görnüşlerini we eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş ulgamyna degişli serişdeler, lukmanlar üçin niýetlenen lybaslar, olaryň bezeg aýratynlyklary bilen tanşyp, bu babatda öz baý iş tejribesi esasynda birnäçe belliklerini aýtdy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary, önümçilik-durmuş maksatly binalaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterine degişli binalaryň, söwda we işewürlik merkeziniň şekil taslamalary, binalaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary bar. Şeýle hem Arkadag şäheriniň “Akhan” binasyndan “Taýçanak” binasyna çenli bolan ýoluň durkuny täzelemek, köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylýan möwsüminde ekiljek baglaryň görnüşleri babatda maglumat berildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow şekil taslamalaryny synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.


düýn 19:01
953

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......