Pompeýde reňkli suratlar bilen bezelen sütünli zal tapyldy: diwarlarda näme şekillendirilipdir?

  • 29.12.2024 16:20
  • 8.5k+

Italiýaly arheologlar Pompeýde gadymy rimlileriň gündelik durmuşynyň syrlaryny açmagy dowam etdirýär. B.e. 79-njy ýylynda Wezuwiniň atylmagy netijesinde gömlen şäheriň baý öýleriniň birinde hünärmenler sütünli we reňkli suratlar bilen bezelen zalyň üstüni açdylar.

Jaýyň diwarlary balyk tutmagyň we aw awlamagyň reňkli sahnalary bilen bezelipdir. Suratlarda towuklar, suwda ýüzýän guşlar, käkilikler, ýekegapanlar, şeýle-de kalmar we mollýuskalar bilen örme sebetler şekillendirilipdir.
Zalyň golaýyndan amforalary we önümleri saklamak üçin ammar hökmünde ulanylan otag tapyldy. Bu ýerde kabul ediş üçin iýmit taýýarlanypdyr, bu bolsa şäheriň ýaşaýjylarynyň durmuşy we ykdysadyýeti barada düşünje berýär.
Mundan başga-da, başga bir gazuw-agtaryş ýerinde termopoliýa – çalt iýmitlenmegiň rim binasy tapyldy. Onuň “bar zolagy” mifiki gahrymanlaryň we ähtimal, myhmanlara hödürlenen tagamlaryň suratlary bilen bezelipdir.
Tapylan desgalar kül gatlagynyň astynda örän gowy ýagdaýda saklanan binagärlik we çeperçilik ussatlygynyň ýokary derejesini görkezýär.


22.06.2026 23:12
4.2k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 19:49
4.9k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.9k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......