Ýeriň golaýyndan köp gatly jaýyň ululygyndaky asteroid uçup geçdi

  • 27.12.2024 16:47
  • 12k+

Ýere iň ýakyn aralyga on gatly jaýyň ululygynda we resmi däl “Roždestwo” adyny alan asteroid golaýlaşdy. Onuň diametri, takmynan, 70 metre barabar diýip, Aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça milli edara (NASA) habar berýär.

2024 NX-1 asteroidi öz resmi däl adyny 24-nji dekabrda (Aşgabat wagty bilen irden sagat 8 töweregi), katoliki Roždestwo baýramynyň öňüsyrasynda planetamyza golaý gelmegi sebäpli aldy.
Alymlaryň hasaplamalaryna görä, asman jisimi 12 megatonna trotile barabar weýran ediji güýje eýedir, bu bolsa ýüzlerçe ýadro bombasynyň ýarylmagy bilen deňleşýär.
Astronomlar asman jisiminiň planetamyz üçin howp döretmeýändigini belleýär, sebäbi ol 7,21 mln km howpsuz aralykdan uçup geçdi, bu bolsa Aýdan hem 18 esse uzakdadyr. Muňa garamazdan, şeýle asman jisimleri resmi taýdan “howp döredip biljekler” hökmünde toparlara bölünýär.
Asteroid Ýerden eýýäm daşlaşdy. Indiki gezek 2032-nji ýylda ýakynlaşar. 2106-njy ýylda bolsa 3,4 mln km has ýakyn aralykda bolar.


22.03.2026 16:34
3.7k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.3k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...