Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda täze suw arassalaýjy desga açyldy

  • 26.12.2024 17:46
  • 10k+

25-nji dekabrda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 25 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylyş dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.

Açylyş dabarasyna Mejlisiň deputatlary, welaýat, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, hormatly ýaşulular, köp sanly ýaşaýjylar gatnaşdylar.
Dabara gatnaşyjylar täze desgada ornaşdyrylan enjamlar we olaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilen desganyň eýeleýän meýdany 8 gektar bolup, ol dolandyryş we suw arassalaýyş binalaryndan, suw durlaýjy howuzlardan hem-de beýleki binalardan ybaratdyr. Bu bolsa ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer.


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......