Hytaý 110 günüň içinde dünýäde iň uly suwasty tunel gurdy

  • 24.12.2024 12:43
  • 16k+

Hytaýly inženerler dünýäniň iň uly suwasty ötügi (tunel) bolan Szinan-Huanganyň gurluşygyny tamamladylar. Täze desga iki sany dünýä rekordyny goýdy. Olar diametri (17 metr) we gurluşygynyň tizligi (110 gün) boýunça goýlan rekordlardyr diýip, New Atlas ýazýar.

Ötügiň uzynlygy 3290 metre ýetýär. Ol 30 metr çuňlukdan Huanhe derýasynyň aşagyndan geçýär we 2025-nji ýylda tamamlanmagy meýilleşdirilýän 5755 metr uzynlykdaky awtoulag ýolunyň bir bölegi bolup durýar. Ozal Beýik Britaniýa bilen Fransiýany birleşdirýän we diametri bary-ýogy 7,6 metr bolan, La-Manşyň astyndan geçýän meşhur Ýewrotonnel diametri iň giň ötük hasaplanýardy.


Täze ötük gurlanda hytaý inženerleri diametri 17,5 metr bolan dünýäde iň uly gazyjy maşyn bolan “Şanheni” ulandylar, onuň beýikligi bäş gatly bina bilen deňdir. Bu gurluşyň kuwwaty 7510 at güýji (5600 kWt) we çekiş güýji 35017 kNm. Gurluş gurluşyk wagtynda ýokary takyklygy üpjün edýär. Iş günde 16-18 metr tizlik bilen alnyp baryldy.
Ötük basyşy durnuklaşdyrýan we işiň howpsuzlygyny üpjün edýän ýörite awtomatiki howa ýassygy ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr.
Täze desga ulaglaryň sagatda 60 km tizlikde hereket edip biljek alty zolakly awtoulag ýolunyň bir bölegi bolar.


düýn 22:32
3.5k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 11:17
4.4k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

düýn 10:28
1.3k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......