Google-yň täze emeli aň modeli “sesli” pikirlenip bilýär

  • 24.12.2024 09:35
  • 1.6k+

Google diňe bir çylşyrymly meseleleri çözmän, eýsem öz pikir ýöretmeleriniň gidişini düşündirip bilýän tejribe emeli aň modeli Gemini 2.0 Flash Thinking-i hödürledi. Täze emeli aň maglumatlaryň logiki taýdan gaýtadan işlenmegini güýçlendirmek üçin işlenip taýýarlandy, onuň mümkinçilikleri bolsa ony OpenAI-iň o1 modeliniň gönüden-göni bäsdeşine öwürýär diýip, The Verge habar berýär.

Google-yň täze önümi Gemini Flash 2.0 tehnologiýasynyň netijesinde maglumatlary gaýtadan işlemegiň ýokary tizligini görkezip, “daşyndan pikirlenýär”. Mysallaryň biri emeli aňyň fizika boýunça ýumşy her bir ädimi yzygiderli seljermek bilen nähili çözýändigini görkezdi. Şeýle proses adamyň pikirlenişine meňzeş bolmasa-da, algoritme has çylşyrymly meseleleri has kiçi meselelere bölmäge mümkinçilik berýär, bu hem has takyk we ygtybarly netijelere getirýär.
Başga bir mysalda model tekst we wizual elementleri birleşdirýän ýumşy çözdi.


18.04.2026 12:23
4.1k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

22.03.2026 04:00
3k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

17.03.2026 10:29
912

Google Maps-de üç ölçegli ugur almak tertibi we Gemini çat-boty peýda boldy

Google kompaniýasy soňky on ýylyň dowamynda Google Maps goşundysyndaky awtomobil nawigasiýasynyň iň uly täzelenmesini hödürledi. Täze «Immersive Navigation» režimi adaty tekiz kartanyň deregine töwerekdäki giňişligiň üç ölçegli görnüşini hödürleýär...

07.03.2026 17:10
952

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...