Alymlar Saturnyň halkalarynyň ozal pikir edilişinden 10 esse gadymy bolup biljekdigini çaklaýarlar

  • 23.12.2024 16:31
  • 5.3k+

Ýapon alymlary Saturnyň halkalarynyň ýaşy barada umumy kabul edilen nazaryýete garşy çykdylar we onuň planetanyň özi ýaly gadymy bolup biljekdigini aýtdylar. Olar öz barlaglaryny Nature Geoscience žurnalynda hödürlediler diýip, Phys.org habar berýär.

Öňki teoriýa görä, planetanyň halkalary takmynan 100-400 million ýyl ozal peýda bolupdyr. Bu tassyklama “Kassini” kosmos gämisi tarapyndan alnan maglumatlara esaslanýardy, ýöne täze barlaglar bu pikiri üýtgedip biler.
Alymlar halkalar bilen çaknyşýan mikrometeoritleriň yz galdyrman bugaryp gidýändigini, kosmos galyndylary bilen çaknyşmagyna garamazdan, halkalary arassa saklaýandygyny görkezýän simulýasiýa geçirdiler.
Öň halkalaryň arassalygy olaryň ýaşdygyny görkezýär diýip hasaplanýardy. Emma ýaponiýaly astronomlar halkalaryň ýaşynyň 2,25-4,5 milliard ýyl aralygynda bolup biljekdigini çaklaýarlar, bu bolsa planetanyň ýaşy bilen deňeçerdir.
Şeýle hem, barlagçylar Gün ulgamynyň emele gelşiniň irki döwrüniň tertipsizlikde geçendigi baradaky delillerini berkidýärler. Onda Saturnyň halkalarynyň emele gelmegi üçin bölekler bolup hyzmat edip biljek köp sanly gurluşyk materialy bolupdyr.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....