2025-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi mälim edildi

  • 23.12.2024 09:29
  • 8.3k+

Şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda, wise-premýer M.Mämmedowa 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän esasy çäreleriň Tertibi barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýanwar aýynda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Täze ýyl, Watan goragçylarynyň güni, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahatlary, brifingleri, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny we aýdym-sazly dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. Täze ýylyň ilkinji aýynda guralmagy göz öňünde tutulýan esasy çäreleriň hatarynda baýramçylyk dabaralaryny, sahna oýunlarynyň görkezilişlerini, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly sport ýaryşlaryny görkezmek bolar. Şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde edermen esger, ilhalar ynsan, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül goýmak dabarasy geçiriler.
Döwlet Baştutany çärelere gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere Watan goragçylarynyň güni bilen bagly çäreleri, Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.


düýn 20:46
1k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
2.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......