Kinorežissýor Kristofer Nolan rysarlyk titulyna mynasyp boldy

  • 22.12.2024 02:08
  • 9.3k+

Britaniýaly kinorežissýor Kristofer Nolan kino pudagyna goşant goşanlary üçin rysarlyk titulyny aldy. Dabara Bukingem köşgünde geçirildi. Beýik Britaniýanyň patyşasy Karl III Nolanyň aýaly, prodýuser Emma Tomasa hem “hanym” titulyny berdi diýip, People neşiri habar berýär.

Režissýor bu hormata aýaly bilen bilelikde mynasyp bolmagynyň örän möhümdigini belledi. Ol Emma bilen kinoda bilelikde işlemäge uniwersitet ýyllarynda başlandygyny belläp geçdi. Olar bilelikde “Başlangyç”, “Insterstellar”, “Delil” we “Oppengeýmer” ýaly filmleri surata düşürdiler.
Dabarada Karl III ýedi “Oskar” baýragyny we olara ilkinji gezek BAFTA baýragyny getiren ýadro bombasyny dörediji baradaky filme aýratyn baha berdi. Patyş bu filmi diýseň halandygyny boýun aldy.
Nolanyň indki taslamasynyň relizi 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär. Filmde baş keşbi aktýor Mett Deýmon oýnap biler.
Beýik Birtaniýada rysarlyk titullary dürli ugurlarda öňdebaryjy hyzmatlar üçin berilýär. Kino pudagynda bu baýraga dürli ýyllarda Entoni Hopkins, Deniel Deý-Lýuis, Stiwen Spilberg, Şon Kerri, Maýkl Keýn we Çarli Çaplin mynasyp boldy.


şu gün 07:46
127

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

düýn 12:24
1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

düýn 08:41
1.3k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

07.06.2026 11:02
10k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....