Türkmenistanyň DIM-nde Ermenistanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

  • 20.12.2024 21:52
  • 2.5k+

19-njy dekabrda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Ermenistanyň ilçisi Arsen Awagýan bilen duşuşdy. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň barşynda depginli ösdürilýän türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.
Bilelikdäki hökümetara toparynyň işiniň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde ähmiýetli orun eýeleýändigi nygtaldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýanyň şu ýylyň oktýabrynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyna gatnaşmagynyň ähmiýetini bellediler.
Şeýle-de diplomatlar halklaryň ýakynlaşmagyna ýardam berýän möhüm şert hökmünde medeni-ynsanperwer ugurundaky gatnaşyklaryň ähmiýetine üns çekdiler.


08.06.2026 18:54
4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

08.06.2026 15:17
3.7k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......