Hytaý emeli adada dünýäniň iň uly howa menzilini gurup başlady

  • 21.12.2024 09:16
  • 15k+

Hytaýyň Dalýan kenarýaka şäherinde dünýäniň emeli adadaky iň uly howa menziliniň gurluşygy başlandy. Bu howa menzili Ýaponiýa we Günorta Koreýa bilen möhüm söwda merkezine öwrülen şähere hyzmat eder diýip, South China Morning Post habar berýär.

Szinçžouwan howa menziliniň meýdany 20 inedördül kilometre barabar bolar. Ol ýylda 43 million ýolagça hyzmat eder.
Alty milliondan gowrak ilaty bolan Demirgazyk Bohai bogazynyň ýarym adasynda ýerleşýän bu şäher gämi gatnawynyň, nebiti gaýtadan işlemegiň we kenarýaka syýahatçylygynyň merkezidir.
Welaýat häkimliginiň habaryna görä, Szinçžouwan howa menzilinde dört sany uçuş-gonuş zolagy we 900 000 inedördül metr meýdany bolan terminal gurlar.
Taslamany 2035-nji ýyla çenli tamamlamak meýilleşdirilýär.


11.06.2026 14:01
7.5k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
9.6k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....

04.06.2026 18:42
5.6k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

28.05.2026 21:19
4.2k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......