Gurbanguly Berdimuhamedow Garagum sähralarynda IIM-niň täze sport ulagyny synagdan geçirdi

  • 20.12.2024 20:56
  • 12k+

19-njy dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumyny gurmak üçin meýilleşdirilýän ýerde Awtomobil sport toplumynyň ygtyýaryna gelip gowşan täze sport ulagy bilen tanyşdy.

Içeri işler ministri M.Hydyrow sport ulaglaryny synagdan geçirmek we tehniki mümkinçiliklerine baha bermek babatda tejribe toplan türkmen halkynyň Milli Liderinden täze sport ulagyny synagdan geçirip bermegini haýyş etdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, ulagy sürmäge başlamazdan ozal, zerur tehniki taýýarlyk işlerini ýerine ýetirmek, şunda ýoluň we howanyň derejesini kesgitlemek, ulagyň tehniki aýratynlyklaryny nazara almak awtomobil sporty bilen meşgullanýan türgenlere bildirilýän esasy talaplardyr. Gurbanguly Berdimuhamedow sport ulagyny dolandyryp, onuň tehniki mümkinçiliklerini synagdan geçirdi. Sport awtoulagy türkmen halkynyň Milli Lideriniň dolandyrmagynda sähra ýollary boýunça çylşyrymly menzilleri geçdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri täze sport ulagynyň özboluşly aýratynlyklaryny we onuň tehniki mümkinçiliklerini synagdan geçirdi.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
6.1k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
8.2k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4.2k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......