Gurbanguly Berdimuhamedow IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy

  • 20.12.2024 20:41
  • 13k+

19-njy dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumyny gurmak üçin meýilleşdirilýän ýere baryp, ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boljak binalar toplumynyň taslamalary bilen tanyşdy diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistanyň içeri işler ministri M.Hydyrow Awtomobil sport toplumynyň binalarynyň taslamalarynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hasabaty kabul edip, ilki bilen, bu künjegiň özboluşly tebigatyny, ösümlik dünýäsini synlady. Bellenilişi ýaly, Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumy bina edilende, bu künjegiň özboluşly tebigy aýratynlyklaryna üns berilmelidir. Sähranyň özboluşly dünýäsi göz öňünde tutulmalydyr. Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde görkezilýän taslamalar bilen tanyşdy.
Bu ýerde toplumyň binalarynyň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we desgalaryň aýratynlyklaryna, enjamlaşdyrylyşyna, bezeg işlerine degişli taslamalar görkezildi.
Awtomobil sport toplumynyň guruljak ýeriniň umumy meýdany 71 gektar bolup, ol paýtagtymyzdan 40 kilometrden gowrak demirgazykda ýerleşýär. Toplumy gurmak üçin kesgitlenen künjegiň amatlydygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde görkezilýän taslamalar boýunça birnäçe maslahatlaryny berdi. Täze toplumyň desgalarynyň binagärlik aýratynlygy boýunça taslamalaryň üç toplumy teklip edilýär. Taslamada görkezilişi ýaly, merkez iki bölekden ybarat bolup, olarda awtomobil sporty boýunça türgenleşikleri geçirmek, sport ulaglaryny ýaryşlara taýýarlamak, türgenler bilen okuwlary geçmek, halkara derejeli ýaryşlary guramak üçin ähli zerur mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Şeýle hem toplumyň binalarynyň biriniň nyşany hökmünde ahalteke bedewiniň, beýlekisi üçin bolsa alabaýyň şekili saýlanyp alnypdyr.
Gurbanguly Berdimuhamedow täze toplumyň ähli görkezijiler babatda ýokary halkara ülňülere doly laýyk gelmelidigini, bu ýerde dünýä ýaryşlaryny, awto we motosportuň dürli görnüşleri boýunça, şol sanda kiçi göwrümli sport ulaglarynyň halkara bäsleşiklerini geçirmek üçin ähli zerur şertleriň göz öňünde tutulmalydygyny aýtdy. Şunda halkalaýyn bäsleşik ýollarynyň gurulmagy, dürli päsgelçilikli menzilleriň çekilmegi we çylşyrymly şertleri özünde jemleýän uzak aralyk boýunça awtomobil ýaryşlarynyň geçirilmegi üçin mümkinçilikleriň nazara alynmagy möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir.


düýn 17:31
1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....