2050-nji ýyla çenli Beýik Britaniýada millionlarça desga suw astynda galar

  • 20.12.2024 20:30
  • 14k+

2050-nji ýyla çenli Beýik Britaniýada 6 milliondan gowrak emläk desgasy suw astynda galyp biler. Bu Britaniýanyň daşky gurşawy goramak boýunça agentliginiň (Environment Agency, EA) täzelenen hasabatyndan gelip çykýar.

Suw basmak töwekgelçiligine milli baha bermelere (NaFRA) görä, ýüzýyllygyň ortasyna çenli her dördünji desga töwekgelçilikli zolakda bolar.
Aýratynam, üstki suwlar uly howp döredýär: 6,3 million desgadan 4,6 millony zeýkeş ulgamlarynyň dolmagy sebäpli suw basyp almak howpunyň astyndadyr. Bu görkeziji 2018-nji ýylda hödürlenen öňki çaklamalardan 43% ýokarydyr.
Ýene 2,4 million desga derýalar we deňizler tarapyndan basyp almak töwekgelçiligi ýokary bolan zolaklarda ýerleşýär.
Maglumatlary kämilleşdirilen modelirleme we seljeriş tehnologiýalarynyň kömegi bilen anyklamak başartdy. Suw basyp almak töwekgelçiliklerini dolandyryş strategiýasy boýunça müdir Juli Foli uzak möhletleýin meýilnamalaşdyryş we howplardan goramak üçin täze maglumatlary hasaba almagyň zerurdygyny belledi.
Hasabatyň awtorlary häkimiýetleri çäkleri goramak boýunça çäreleri güýçlendirmäge, gurluşykçylary bolsa gurluşyk ýerleri saýlananda töwekgelçilikleri göz öňünde tutmaga çagyrdy.


düýn 10:07
2.1k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 20:16
2.4k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

21.05.2026 22:52
8.3k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....

20.05.2026 12:56
2.6k+

Özbegistan 2027-nji ýylyň türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip atlandyrylmagyny teklip etdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoew 2027-nji ýyly türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip yglan etmegi teklip etdi. Bu başlangyç Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň Türküstan......