Oba hojalygynda biotehnologiýalaryň ornuna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

  • 20.12.2024 16:48
  • 2.5k+

19-njy dekabrda Daşoguzda Türkmen oba hojalyk institutynda “Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Institutda habar bermeklerine görä, sanly ulgam arkaly geçirilen halkara ylmy-amaly maslahata 14 döwletden 84 ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy merkezleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň umumy mejlisinde Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory D.Ýolow gutlag sözi bilen çykyş etdi. Soňra Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistandan, Gazagyztandan, Belarusdan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan, Moldowadan hem-de Pakistandan wekiller oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny barada sanly ulgam arkaly çykyş etdiler.
Ylmy-amaly maslahatyň çäginde institutda oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan ylmy-barlag işleriň sergisi gurnaldy.
Halkara ylmy-amaly maslahat bäş bölümde işini dowam etdirdi. 1-nji bölüm “Gen inženerçiligi we oba hojalyk ekinleriniň seleksiýasy”, 2-nji bölüm “Maldarçylykda biotehnologiýalar”, 3-nji bölüm “Biopestisidler we biodökünler”, 4-nji bölüm “Bioremediasiýa we ekologiki durnuklylyk”, 5-nji bölüm “Oba hojalyk biotehnologiýasynda bilim we mümkinçilikleri artdyrmak” ýaly atlar bilen geçirildi. Olarda jemi 260 sany işler diňlenilip, edilen çykyşlaryň içinde iň tapawutlylary aýratyn bellenildi we halkara ylmy-amaly maslahatyň jemleýji bölüminde yglan edildi.


19.06.2026 18:41
3.2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.2k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 08:05
4.5k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......

13.06.2026 18:59
5.2k+

Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy......