Taýkonawtlar açyk kosmosda bolmagyň dowamlylygy boýunça astronawtlardan öňe geçdi

  • 20.12.2024 12:09
  • 4.2k+

17-nji dekabrda hytaýly kosmonawtlar Saý Sýuýçže we Sun Lindun dokuz sagatlyk açyk kosmosa çykyşy tamamladylar. “Şençžou-19” gämisiniň ekipažy bortuň daşynda 9 sagat 6 minut boldy diýip, HHR-iň Dolandyrylýan kosmos uçuşlarynyň agentligine salgylanyp, CNN habar berýär.

Öňki rekord 2001-nji ýyldan bäri NASA degişlidi. Şonda astronawtlar Jeýms Woss we Sýuzan Helms Discovery gämisiniň daşynda 8 sagat 56 minut wagt sarp etdiler.
Hytaý açyk kosmosa ilkinji gezek 2008-nji ýylda çykdy, şonda kosmonawt Çžaý Çžigan “Şençžou-7” gämisiniň daşynda 20 minut töweregi boldy. Şondan bäri ýurt kosmos tehnologiýalaryny işjeň ösdürmegi dowam etdirýär. Şu ýylyň maý aýyndan bäri ulanylýan häzirkizaman ikinji nesil skafandrlary 8 sagada çenli awtonom işi üpjün edýär, bu bolsa öňki modelleriň görkezijilerinden iki esse köpdür. 


şu gün 00:07
770

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

düýn 11:02
1.6k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

24.06.2026 09:29
4.1k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

22.06.2026 22:53
6.6k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....