Türkmen-malaý gepleşikleriniň jemleri boýunça möhüm resminamalara gol çekildi

  • 19.12.2024 15:25
  • 7.8k+

19-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Dato Seri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Gol çekmek dabarasy Malaýziýanyň Hökümet binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de dostlukly ýurduň Premýer-ministriniň gatnaşmaklarynda geçirildi diýip, "Türkmenistan" gazetiniň elektron görnüşinde habar berilýär.
Resminamalaryň hatarynda:

  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda diplomatlary taýýarlamak we ylmy alyş-çalyş pudagynda hyzmatdaşlyk etmek babatda özara düşünişmek hakynda diplomatik notalar bilen alyş-çalyş;
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň wiza talaplary kem-käsleýin ýatyrmak hakynda arasynda Ylalaşygy hakynda notalar bilen alyş-çalyş;
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawy hakynda Ylalaşygy we awiýasiýa senagaty babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda notalar bilen alyş-çalyş;
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Malaýziýanyň Milli söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Malaýziýanyň Halkara söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän «Toplum-I» şertnamalaýyn çägini özleşdirmek babatda täze Önümi paýlaşmak hakynda şertnamanyň täjirçilik şertleri barada Teswirnama bar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda Bilelikdäki Beýannama gol çekildi.


05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
5.1k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....