Ekologlar Täjigistanda Rogun gidroelektrostansiýasynyň taslamasyny tamamlamagyň alternatiw ýollaryny hödürleýärler

  • 19.12.2024 15:34
  • 10k+

17-nji dekabrda “Serhetsiz derýalar” halkara ekologiýa birleşmesi Täjigistanyň Wahş derýasynda Rogun gidroelektrostansiýasy taslamasyny tamamlamagyň alternatiw ýollaryny seljerýän hasabaty hödürledi. Bu barada Rivers.Help! neşiri habar berýär.

Ekologlar beýikligi 335 metre ýetip biljek dünýäde iň beýik bendi gurmakda bolup biljek ekologik we sosial täsirleri duýdurýarlar.
Hasabatda häzirki wagtda Bütindünýä bankynyň müdirler geňeşi tarapyndan gözden geçirilýän iň ýokary wariant boýunça Rogun gidroelektrostansiýasynyň gurluşygynyň doly tamamlanmagy bilen, stansiýanyň çözmeli esasy meseleleriniň çözülmän galjakdygy bellenilýär. Hususan-da, Täjigistanda elektrik energiýasynyň yzygiderli kesilmegi (wagtlaýyn öçürmeler) azyndan 2036-njy ýyla çenli dowam eder. Iri suw howdanynyň döredilmegi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň obýekti bolan “Tigrowaýa Balka goraghanasynyň tugaý tokaýlaryna”, Wahşdaky ýitip barýan bekre görnüşleriniň populýasiýasyna we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça akýan derýalaryň ugrundaky hasylly düzlüklere ýaramaz täsiri ep-esli artdyrar.
Hasabatda töwekgelçilikleri azaldyp, gidroelektrostansiýanyň netijeliligini ýokarlandyrjak deňagramly çözgüt teklip edilýär. Ekologlar bendiň beýikliginiň 70 metr peseldilmeginiň on müňlerçe adamyň göçmeginiň öňüni almaga mümkinçilik berjekdigini aýdýar.
Şeýle-de, hünärmenler Rogun GES-iň gurluşygyny Gün energetikasynyň ösüşi bilen utgaşdyrmagy teklip edýärler, bu Täjigistana eýýäm 2030-2031-nji ýyllara çenli gyşky elektrik energiýa ýetmezçiligi meselesini çözmäge hem-de energetika ulgamynyň klimat üýtgemelerine durnuklylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.


18.06.2026 09:55
885

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

17.06.2026 11:27
2.5k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

14.05.2026 19:01
2k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

30.04.2026 17:05
2.7k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......