Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

  • 18.12.2024 10:39
  • 6k+

17-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy.

Erik Stýuart ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleriniň daşary ýurt kompaniýalary üçin netijeli işlemäge amatly şertler döredilen, geljegi uly türkmen bazarynda iş alyp barmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.
Pursatdan peýdalanyp, Erik Stýuart Türkmenistanyň gözel tebigatynyň we haýwanat dünýäsiniň özünde ýakymly täsirleri galdyrandygyny aýtdy. Işewür Türkmenistanda tebigata aýawly çemeleşmek, onuň biodürlüligini gorap saklamak hem-de baýlaşdyrmak, ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň dünýä nusgalykdygyny belledi. Şeýle-de ol Türkmenistanyň öňe sürýän ekologiýa ugurly başlangyçlarynyň halkara jemgyýetçilikde uly goldawa eýe bolýandygyny aýtdy. Işewür ýurdumyzyň gözel tebigatyny aýawly saklamak babatda alnyp barylýan işlerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň başlangyjy bilen binýady goýlan ekologiýa syýasatynyň netijelerini görmek bolýandygyny nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri 2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygynyň giňden belleniljekdigini we bu şanly sene mynasybetli köp sanly halkara çäreleriň geçiriljekdigini aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň möhüm strategik hyzmatdaşlarynyň biridir. Ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklar soňky ýyllaryň dowamynda özara hormat goýmak we düşünişmek ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Şunda söwda-ykdysady, energetika, oba hojalygy, ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlykda amerikan kompaniýalarynyň wajyp orny bellenildi. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda möhüm taslamalary durmuşa geçirmekde iri amerikan kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Ony ösdürmekde “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşine aýratyn orun degişlidir.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow öňdebaryjy amerikan kompaniýalarynyň türkmen bazarynyň strategik taýdan möhüm pudaklarynda üstünlikli işleýändigini, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän amerikan işewürleriniň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny kanagatlanma bilen belledi diýip, TDH habar berýär.


düýn 17:31
1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 14:18
6.7k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......