Türkmenistan "FIT International" bilen bilelikdäki çäreleri guramagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

  • 17.12.2024 20:29
  • 3.3k+

16-njy dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Aşgabat şäherine gelen «FIT International» maslahat beriş kompaniýasynyň başlygy Kurt Edwards bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda bolup geçýän möhüm wakalar mynasybetli tematiki çäreleri gurnamaga gatnaşan «FIT International» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini bellediler.
Hususan-da, taraplar BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen geljek ýylda bilelikdäki çäreleri guramagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli bilim we medeni häsiýetli çäreleriň geçirilmegi barada pikir alşyldy.


şu gün 07:51
778

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
917

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......