Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň başlyklary Aşgabatda gepleşikleri geçirdiler

  • 17.12.2024 20:24
  • 2.8k+

16-njy dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň başlygy Raşid Meredow bilen «Itochu Corporation» kompaniýasynyň Direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşynlar we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady, nebitgaz, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk, senagat we elektroenergetika pudaklarynda, şeýle hem «ýaşyl» energetika ugury boýunça alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.
Komitetleriň başlyklary häzirki wagtda hereket edýän bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşyny jikme-jik gözden geçirdiler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ynanyşmak we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň netijeliligini nygtadylar.


düýn 16:02
1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......