Londonda Beýik Britaniýanyň iň beýik binasy bilen deňleşjek 309 metrlik ofis diňiniň gurluşygy tassyklandy

  • 17.12.2024 15:46
  • 7.4k+

London Sitisiniň administrasiýasy 309,6 metrlik 1 Undershaft ofis diňiniň gurluşygyny tassyklady. Desga 2012-nji ýyldan bäri Beýik Britaniýanyň iň beýik binasy bolan The Shard bilen deňleşer diýip, Financial Times habar berýär.

Öň, diňiň gurluşygy geljekki goňşularda, şol sanda Lloyd’s of London ätiýaçlandyryş bazarynyň ýolbaşçysy Brýus Karnegi-Braunda garşylyk döretdi. Olar diňiň möhüm jemgyýetçilik ýeri bolan Sent-Helens-skweriň meýdanyny azaltjakdygyny bellediler.
Netijede Stanhope deweloperi we Aroland kompaniýasy taslamany üýtgedip, diňiň binýadynyň meýdanyny saklamak üçin birinji gatyň ölçegini kiçeltdiler.
Diňiň taslamasynda 11-nji gatda ýaşyl zolak, syn ediş meýdançasy we çagalar üçin bilim merkezi göz öňünde tutulandyr. Soňkusy London Muzeýi bilen hyzmatdaşlykda guralar.
Taslamany 2030-njy ýyla çenli durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Maýadar hökmünde Aroland Holdings kompaniýasy çykyş edýär, bu kompaniýanyň esasy paýyna bolsa dünýäde iň uly palma plantasiýalarynyň eýeleriniň biri bolan Wilmar International azyk önümlerini öndürmek boýunça toparyň ýerine ýetiriji müdiri, singapurly millarder Kuok Khun Gong gözegçilik edýär.


16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......