Türkmenistan we ABŞ işewürlik forumynda bilelikde işlemegiň anyk meýilnamalaryna ünsi çekdiler

  • 17.12.2024 14:17
  • 3.1k+

16-njy dekabrda Aşgabatda Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygyndaky amerikan işewürleri ýurdumyza geldi diýip, TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan döwründen bäri bilelikde işlemegiň baý tejribesi toplandy. «John Deere», «Case», «General Electric», «Boeing» ýaly kompaniýalar we beýlekiler ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň strategik taýdan ähmiýetli ugurlarynda üstünlikli işleýär.
“Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň alyp barýan işi hem-de onuň uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda eýeleýän orny baradaky meseleler aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu geňeş tarapyndan yzygiderli guralýan işewürlik duşuşyklarynyň, forumlaryň we sergileriň iki ýurduň döwlet, hususy düzümleriniň arasynda ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam edýändigi nygtaldy.
Senagat ulgamynda, oba hojalygynda, suw hojalygy üçin tehnikalary ibermekde söwda-maýa goýum işleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Ýangyç-energetika toplumyny, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk, innowasion tehnologiýalar, saglygy goraýyş, ekologiýa ulgamlaryny ösdürmegiň hem uly geljegi bar.

Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşyjylar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda we maýa goýumlarda, ýokary tehnologiýalar babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze derejä çykarylmagy, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda haryt dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri barada aýdyp, ileri tutulýan ugurlarda bilelikde işlemegiň anyk meýilnamalaryna ünsi çekdiler. Şeýle hem maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususy kärhanalarynyň wekilleriniň amerikan işewürleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Olaryň dowamynda özara gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki meýilleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......