Türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisinde birnäçe resminamalara gol çekildi

  • 17.12.2024 14:12
  • 2.9k+

16-njy dekabrda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, bu komitetiň ýapon böleginiň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň uly wekiliýeti ýurdumyza geldi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara dialogyň täze tapgyrynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny, maliýe-maýa goýum gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Geljegi uly bilelikdäki taslamalar, önümçilik hyzmatdaşlygynyň ugurlary barada pikir alyşdylar. Foruma iki ýurduň dürli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, iki tarapdan hem işewürlik düzümleriniň ýolbaşçylary wekilçilik etdi.
Mejlisiň jemleri boýunça netijeli türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekildi.
Hususan-da,

  • «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Mitsubishi Heavy Industries Asia Pacific, Pte. Ltd.» (Singapur), «Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» (Türkiýe) hem-de «Mitsubishi Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalar toparynyň arasynda «Garabogazkarbamid» zawodynda bejeriş we tehniki hyzmat ediş işi hakynda Çarçuwaly ylalaşyga;
  • «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa), «Gap Inşaat Yatirim ve Dış Ticaret A.Ş.» (Türkiýe) we «Mitsubishi Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalar toparynyň arasynda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Gyýanly obasynda kuwwaty ýylda 1,155 müň tonna deň bolan karbamid önümçilik zawodynyň taslamasyny düzmek, üpjünçilik etmek we doly gurup tabşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk barada Çarçuwaly ylalaşyga;
  • «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Kawasaki Heavy Industries, Ltd» (Ýaponiýa), «ITOCHU Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalar toparynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Kawasaki Heavy Industries, Ltd» kompaniýasynyň arasynda Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň üpjünçiligi we tehniki hyzmaty boýunça 3-nji Goşmaça ylalaşyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen «Sumitomo Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak we salgytlary tölemekden boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda Konwensiýa;
  • Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.

düýn 15:48
4k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

27.06.2026 11:05
4.3k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......