Hytaýly agyr atletikaçy dünýä çempionatynda silterläp götermekde dünýä rekordyny goýdy

  • 17.12.2024 10:24
  • 6.2k+

Hytaýly Ýan Li 87 kg-den ýokary agram derejesinde silterläp götermekde dünýä rekordyny goýdy. Üstünlik Manamada (Bahreýn) geçirilen agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda hasaba alyndy.

Türgen 149 kg netijäni görkezip, 2021-nji ýylyň aprelinden bäri saklanýan watandaşy Li Wenweniň rekordyny (148 kg) täzeledi.
Itekläp götermekde Li 175 kg aldy we 324 kg umumy netije bilen altyn medal gazandy.
Ikinji orny Günorta Koreýadan Pak He Çon eýeledi – 295 kg (silterläp götermekde 124 kg + itekläp götermekde 171 kg), bürünç medala ýene bir koreýaly Son Ýonghi mynasyp boldy – 280 kg (118+162).
Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty 15-nji dekabrda tamamlandy.


düýn 23:43
6.4k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 14:15
8k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....