Meta, TikTok we Google 2025-nji ýyldan Awstraliýanyň KHBS-ini maliýeleşdirmeli bolar

  • 16.12.2024 15:24
  • 4.3k+

Meta, TikTok we Google ýaly uly sanly platformalar indiki ýyldan başlap, Awstraliýanyň habar neşirýatlaryny maliýeleşdirmäge mejbur bolar diýip, The Guardian ýazýar.

Awstraliýada ýyllyk girdejisi 250 million dollardan geçýän kompaniýalar ýa-ha kesgitlenen tölegi tölemeli, ýa-da neşirýatçylar bilen şertnama baglaşmaly bolar.
Awstraliýanyň gaznasynda bellenilişi ýaly, garaşylýan mukdar millionlarça dollar bolar, ýöne ýygymlaryň takyk parametrleri 2025-nji ýyla çenli kesgitlener. Täze mehanizm 2021-nji ýylda girizilip, eýýäm ýerli medialara maýa goýumlaryň, takmynan, 200 million dollar bolmagyna getiren täzelikler KHBS-i barada gepleşikleri alyp barmagyň Kodeksiniň dowamydyr.
Bu başlangyç Meta-nyň 2024-nji ýylda Awstraliýanyň habarlaryny maliýeleşdirmekden ýüz öwürmeginiň we netijede munuň žurnalistleriň hem neşirýatçylaryň arasynda howsala döretmeginiň esasynda peýda boldy. Täze çemeleşme ýerli KHBS üçin durnukly girdejileri üpjün etmeli we beýleki kompaniýalaryň şeýle hereketleriniň öňüni almaly.
Media birleşigiň prezidenti serişdeleri paýlamakda aç-açanlygyň möhümdigini aýdyp, olaryň korporatiw bähbitleri däl-de, žurnalistleri goldamalydygyny belledi.
Töleg baradaky talap 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer, bu seneden soň geçirilen ähli tölegler bolsa kompensasiýa hökmünde hasaplanar.


14.05.2026 18:54
4.9k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

10.05.2026 11:44
5.5k+

Sidneýli pensioner lotereýada 14 million dollarlyk jaý utup, ony satuwa çykardy

Jaý RSL Queensland tarapyndan gurnalan Dream Home Art Union lotereýasynda oýnaldy. Jaý eýesiniň aýtmagyna görä, onuň ýeňşi baradaky habar ilkibaşda aldawçylyk diýip kabul edildi, sebäbi ol öň hiç haçan, hatda kiçijik baýrak hem utup görmändi...

14.03.2026 20:47
10k+

Trampyň administrasiýasy TikTok-y ABŞ-da «oturdandygy» üçin 10 mlrd dollara garaşýar

Hytaýyň TikTok sosial ulgamynyň ABŞ-daky işini kanunlaşdyrmak zerurlygy bilen bagly mesele Donald Trampyň ikinji prezidentlik möhletiniň başyndan bäri dowam edip gelýärdi. Köp sanly yza süýşürmelerden soň, taraplar ahyrynda TikTok-yň amerikan biznesini «oturtmak», ýagny hyzmata gözegçiligiň bir bölegini amerikan maýadarlaryna bermek barada şertnama baglaşdy...

12.03.2026 19:41
2.3k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Awstraliýanyň ilçisi bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A. Gurbanow Awstraliýanyň Türkmenistandaky ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Jon Wilýam Giring bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär...