Aşgabatda «Iran Agrofood» ýöriteleşdirilen sergisi we Türkmen-eýran işewürlik maslahaty açyldy

  • 16.12.2024 13:18
  • 2.4k+

 

Şu gün, 16-njy dekabrda Aşgabat şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi we Türkmen-eýran işewürlik maslahaty öz işine başlady. Prezident Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara gutlag iberdi.

Sergide oba hojalygy, azyk we gaýtadan işleýän senagat, oba hojalyk, azyk önümlerini gaplamagyň, saklamagyň we daşamagyň döwrebap tehnologiýalary, olaryň eksporty hem importy bilen bagly ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalar innowasion ösüş ýolunda ýeten sepgitlerini görkezerler. Türkmen-eýran işewürlik maslahatynyň çäginde bolsa öňdebaryjy tejribelerini, işläp taýýarlamalaryny alşarlar, hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini, täze taslamalary ara alyp maslahatlaşarlar.
Serdar Berdimuhamedow nebitgaz, energetika, senagat, oba we suw hojalygy, gurluşyk, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda netijeli hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Asylly däbe öwrülen ýöriteleşdirilen sergileriň, işewürlik maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmegi hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmekde, döwlet we hususy kärhanalaryň özara gatnaşyklaryny täze taslamalar bilen baýlaşdyrmakda, ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygyny artdyrmakda uly ähmiýete eýedir.

"Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýän bu çäreler iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda ýola goýlan uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine oňyn täsir eder" diýip, döwlet Baştutanynyň gutlagynda aýdylýar.


şu gün 07:51
778

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
917

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......