Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini Arkadag şäheriniň halkara baýragyna mynasyp bolmagy bilen gutlady

  • 16.12.2024 12:55
  • 7.8k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowy Arkadag şäheriniň halkara sylaglaryna mynasyp bolmagy bilen gutlady.

Belläp geçsek, Arkadag şäheri Wenada ýerleşýän Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna, «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp boldy. Şeýle hem Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň haryt nyşany Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy arkaly tassyklanyldy.

"Siziň baştutanlygyňyzda täze taryhy döwürde Arkadag şäheriniň gurulmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu günki gün ol ýurdumyzy bütinleý özgerdýän, Ýer ýüzündäki abraýyny has-da belende göterýän beýik işleriň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher derejesini alan bu şäher öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan «akylly» şäheriň aýdyň nusgasydyr" - diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belleýär.
"Siziň tagallalaryňyz bilen täze şäheriň geljekde-de has uly rowaçlyklara ýetjekdigine, belent mertebä eýe boljakdygyna pugta ynanýaryn. Şäheriň ikinji tapgyrynyň taslamalary hem bu hakykaty tassyklaýar. Onuň çäginde guruljak binalaryň hatarynda köp sanly durmuş-jemgyýetçilik we inženerçilik-tehniki desgalaryň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň bolmagy Arkadag şäheriniň geriminiň barha giňäp, bu ýeriň ýaşaýjylarynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň yhlasly zähmet çekmegi we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin mynasyp şertleriň dörediljekdigini tassyklaýar" - diýlip, resmi metbugatda çap edilen gutlagda aýdylýar.


düýn 11:41
2.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......