“Eje, seret, men şäher döretdim”: Ilon Mask SpaceX-iň ştab-kwartirasyny Starbeýse geçirdi

  • 16.12.2024 12:14
  • 15k+

Amerikaly telekeçi Ilon Mask SpaceX kompaniýasynyň ştab-kwartirasynyň göçürilýändigini habar berdi. Indi ol Tehasyň Starbeýs şäherinde, kompaniýanyň ýüzlerçe işgäriniň işleýän kosmos bazasynda ýerleşer diýip, RBK habar berýär.

Maskyň aýtmagyna görä, SpaceX-iň ýolbaşçylygy kosmos uçuşlary üçin niýetlenen bu meýdança resmi şäher statusyny bermek başlangyjy bilen çykyş etdi.
Soňrak ulanyjylaryň birine jogap bermek bilen, Mask öz ejesi Meý Masky belläp, şeýle ýazdy: “Eje, seret, men şäher döretdim”.
Kosmodromyň bazasynda şäher döretmek pikiri Maskda 2021-nji ýylda peýda boldy. Şol wagt ol uly bolmadyk goňşy şäher Boka-Çikanyň adyny Starbeýs diýip üýtgetmegi teklip etdi – bu ýerde kompaniýanyň kosmos enjamlarynyň prototipleri işlenip taýýarlanýar.
Öň, Mask salgyt we kadalaşdyryjy ýeňillikleri göz öňünde tutup, Tesla-nyň ştab-kwartirasyny Kaliforniýadan Tehasa geçiripdi. Ol ofisleri göçürmek meýilnamalaryny Kaliforniýa ştatynyň syýasatyndaky birnäçe üýtgeşmeler, şeýle-de howpsuzluk meseleleri bilen baglanyşdyrdy.
Tehasa geçilmegi ýokary salgytlardan hem gaçmaga mümkinçilik berer. ABŞ-da iň ýokary girdeji salgydynyň hereket edýän ýeri bolan Kaliforniýadan tapawutlylykda, Tehasda ol nola deň. Baş ofisiň geçirilmegi “Mask üçin milliardlarça dollary tygşytlap biler” diýip, CNBC ýazýar.


düýn 23:56
1.2k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

25.06.2026 14:47
5.1k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......

22.06.2026 00:57
5.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......