Koenigsegg Jesko giperkary Top Gear synag ýolunyň rekordyny goýdy

  • 16.12.2024 06:45
  • 4k+

Koenigsegg Jesko giperkary Top Gear synag ýolunyň rekordyny täzeledi we meşhur Dunsfold ýolunda iň ýyndam seriýalaýyn awtoulag boldy. Tapgyr 1 minut 10,9 sekuntda tamamlandy diýip, Speedme habar berýär.

Giperkar kuwwaty 1600 at güýjüne deň bolan hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr. Modeliň nazary taýdan sagatda 500 km tizlige ýetmäge ukyply Jesko Absolut wersiýasy bar, ýöne ýaryşda maksimal dolandyryş we aşak basyjy  güýç üçin ýörite döredilen Attack wersiýasy görkezildi.
Ferrari FXX ýa-da Caparo T1 ýaly has çalt awtoulaglar bar hem bolsa, olar seriýalaýyn öndürilýän awtoulaglar hasaplanmaýar we jemgyýetçilik ýollary üçin niýetlenen däldir. Jesko iki ýolagça niýetlenen doly ýol awtoulagy bolmagynda  galýar.


12.05.2026 14:52
2.3k+

Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi....

04.04.2026 13:20
2.3k+

Ford GT Mk IV “Nýurburgringda” içinden otlanýan hereketlendirijili iň çalt awtoulag boldy

Ford GT Mk IV superkary “Nýurburgring-Nordşlýaf” ýolunda iň çalt gibrid däl içinden otlanýan hereketlendirijili awtoulag boldy. Ford bu barada Germaniýada geçirilen 21 kilometrlik ýaryşlaryň netijelerini......

30.01.2026 18:50
5.3k+

Toyota rekord derejeli satuw bilen ýene dünýäniň iň uly awtoöndürijisi boldy

2025-nji ýylda Toyota kompaniýasy 11,32 mln awtomobil satyp, täze dünýä rekordyny goýdy. Bu görkeziji 2024-nji ýyldakydan 4,6% köpdür. Şeýlelikde, kompaniýa ýene dünýäniň iň iri awtoöndürijisi adyny saklamagy başardy...

25.01.2026 13:47
7.4k+

Hytaý dünýäde iň uly rolker gämisini suwa goýberdi. Oňa 11 müňe golaý ulag ýerleşýär

Hytaýyň Guangzhou Shipyard International (GSI) gämi gurluşyk zawody sygymy rekord derejedäki ýük daşaýan gämini suwa goýberdi. Gämi her saparda 10 800 awtoulagy daşamaga ukyply we Koreýanyň Hyundai awtoulag öndürijisi üçin guruldy...