S.A.Nyýazow adyndaky TOHU ekologiýa boýunça halkara olimpiadanyň netijelerini mälim etdi

  • 15.12.2024 17:20
  • 3.4k+

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ekologiýa dersi boýunça geçirilen III Açyk halkara internet olimpiadasynyň netijelerini mälim etdi. Oňa daşary ýurtlaryň 70-e golaý ýokary okuw mekdebinden hem-de ýurdumyzdan jemi 500 talyp gatnaşdy diýip, "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Ekologiýa boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasynda populýasiýalaryň ekologiýasy we biosferasy; adam ekologiýasy we häzirki zaman ekologiýa meseleleri; senagat ekologiýasy; ekologik monitoring; ekologiýa kanunçylygy we halkara guramalar ýaly mowzuklardan ýumuşlar hödürlenildi. Olary ýerine ýetirmek üçin 90 minut wagt berildi. Olimpiada gatnaşyjylaryň işleri programma üpjünçiligi arkaly bahalandyrylyp, toplanan ballaryň jemi boýunça netijeler jemlendi.
Halkara bäsleşikde oňa gatnaşyjylaryň 168-si ýeňiji diýlip yglan edildi. Olardan 31-si birinji, 56-sy ikinji hem-de 81-si üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijilere diplomlar we medallar, ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.


19.06.2026 18:41
3.2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.2k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.3k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

16.06.2026 08:05
4.5k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......